- ynamsyzlyk
- Ynama mynasyp dällik, ynamy ödemezlik, ynamly dällik, ynamdan düşmeklik, ynançsyzlyk, ygtybarszlyk.∙ Göwnünde bir hili ynamsyzlyk dowam edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Bag hakyndaky pikir has hem ynamsyzlyk döredýärdi. («Zähmet Gahrymanlary»)∙ Pökgen aga, sen öz güýjüne ynamsyzlyk et-de, ýatyber! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem ynamsyzlyk - ynamsyzlygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.